Halkara forumy Türkmenistanyň 2028-nji ýyly Halkara hukugynyň ýyly hökmünde yglan etmek baradaky teklibini goldady.
Resmi habarlar
Halkara parahatçylyk we ynam forumynyň gatnaşyjylary Türkmenistanyň 2028-nji ýyly Halkara hukugynyň ýyly hökmünde yglan etmek baradaky teklibini goldadylar. Bu barada forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasynda aýdylýar. Resminamada Birleşen Milletler Guramasynyň agza döwletleri dünýä parahatçylygynyň binýady hökmünde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mehanizmlerini berkitmäge çagyrylýar hem-de Türkmenistanyň bu başlangyjy halkara hukugynyň umumylygyny we BMG-niň Tertipnamasynda berkidilen kadalaryň we ýörelgeleriň hökmürowanlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen bilelikdäki tagallalaryň beýany hökmünde goldanylýar. Jarnamada forumyň gatnaşyjylary BMG-niň Tertipnamasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine, şol sanda döwletleriň özygtyýarly deňligine, territorial bitewiligine hormat goýulmagyna, içerki işlerine gatyşmazlyga hem-de jedelleriň parahatçylykly ýol bilen çözülmegine ygrarlydyklaryny tassykladylar. Bu ýörelgeler häzirki zaman halkara tertibiniň berk binýady hökmünde bellenildi. Şeýle-de halkara we sebit derejesindäki bitaraplyk, parahatçylyk we ynam meselelerine bagyşlanan forumlaryň yzygiderli geçirilmeginiň möhümdigi nygtaldy. Resminamada 2030-njy ýylyň indiki Halkara parahatçylyk we ynam ýyly diýlip yglan edilendigi hem bellenilýär.