Özbegistanyň işewürleri Türkmenistandan SÇG ibermek barada şertnama baglaşdylar
Ykdysadyýet habarlar
2-nji fewralda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy halkara we milli bazarlarda söwda sessiýalaryny geçirdi. Söwdalaryň netijesinde 227 080 000 manat we 2 184 250 ABŞ dollaryna 8 şertnama resmileşdirildi.
Halkara söwdalaryň çäklerinde özbek kompaniýalary "Türkmennebit" bilen suwuklandyrylan gaz satyn almak barada ylalaşdylar. Owganystandan işewür wekilleri "Türkmenhimiýa"-dan "B" kategoriýaly karbamid satyn aldylar, şeýle hem "Türkmennebit" bilen suwuklandyrylan gazy import etmek barada şertnamalary resmileşdirdiler.
Içerki bazarda türkmen telekeçileri "Türkmennebit"-den "SN-180" bazis ýagyny we "BND 60/90" ýol bitumyny satyn aldylar. Şeýle hem "Türkmenkallaönümleri" döwlet konserni bilen ýokary sortly bugdaý ununy ibermek barada şertnamalar gol çekildi.