Türkmenistan we BAE ykdysady gatnaşyklary ösdürmek barada ylalaşdylar
Resmi habarlar
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Abu-Dabide saparynyň çäginde BAE-niň wise-prezidenti we premýer-ministriň orunbasary, şeýle hem prezidentiň işleri ministri şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýan bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar gazanylan netijeleri seljerip, syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlaryny kesgitlediler.
Gatnaşyjylar ileri tutulýan uly möçberli bilelikdäki taslamalary, ilkinji nobatda energetika we ulag-logistika pudaklaryndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge möhüm üns berdiler. Şol nukdaýnazardan iki ýurduň arasynda ykdysady özara gatnaşyklary boýunça maksatnamany işläp taýýarlamagyň zerurlygy nygtaldy.
Şeýle hem taraplar sebit we halkara gün tertibindäki möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.